DÜNÝÄ

Hytaýyň ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan  dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler.  Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistan bilen HHR-nyň dürli halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti bellenildi.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini we gabat gelýändigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar