DÜNÝÄ

Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna pakistan tarapyndan hat gelip gowuşdy. Onda Türkmenistanyň tebigy betbagtçylyk zerarly Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna iberen ynsanperwerlik kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Hatda iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy-medeni kökleriniň bardygy bellenilýär. Türkmen tarapynyň kömegi şu kyn döwürde uly ähmiýete eýedir.

Hoşallyk hatynda hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we uly üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar