SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Serdar şäherinde täze dermanhana açyldy

Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde döwlet derejesindäki özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň hem-de ilatyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler bilen bökdençsiz üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Bu wezipäniň çözülmegine türkmen işewürleri — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşant goşýarlar. “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bu täze desga munuň aýdyň mysalydyr.

Umumy meýdany 500 inedördül metre deň bolan bu dermanhana şeýle ugurly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Onda Türkmenistanda we Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri elýeterli bahadan hödürlenilýär. Gije-gündiz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerdir. Munuň özi müşderilere diňe bir zerur derman serişdelerini satyn almaga däl, eýsem, ýokary derejeli maslahatlary hem almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu ýerde sorag-jogap gullugynyň işi guralypdyr.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeleriň milli derman senagatynyň ösdürilmegine güýçli itergi berýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde onuň öndürýän önümleriniň hatarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi bar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar hem açyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri