“Forbes” žurnalynyň taýýarlanan maglumatyna laýyklykda, 20 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ýeňijisi Rojer Federer iň köp gazanan tennis türgenleriniň sanawynda birinji orunda durýar. Ol tennis sporty bilen meşgullanmadyk halatynd ahem 90 million dollar gazandy.
Bu sanawda ikinji orny ýaponiýaly Naomi Osaka eýeledi. Ýapon tennisçi 56,2 million dollar gazanyp, onuň 1,2 millionyny tennis ýaryşlaryndan, 55 millionyny bolsa ýaryşlardan daşary gazandy.
“Uly tuwulga” ýaryşlarynda 23 gezke ýeňiji bolan amerikaly Serena Uilýams bolsa sanawda üçünji orunda bolup, onuň gaznajy 35,1 million dollara deňdir. Ol hem bu gazanjynyň 0,1 milliony tennis ýaryşlaryndan gazandy. Meşhur tennisçi ýakyn wagtda sport karýerasyny tamamlap, işewürlik bilen gyzyklanjakdygyny mälim etdi.
Şeýle hem iň köp gazanan türgenleriň ilkinji onlugynda ispaniýaly Rafael Nadal, serbiýaly Nowak Jokowiç, britaniýaly Emma Radukanu, ýaponiýaly Keý Nisikori, amerikaly Winus Uilýams, ispaniýaly Karlos Alkaras we russiýaly Daniil Medwedew hem bar.
