BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy artdy

Ýanwar-iýul aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 486 million dollara golaýlady. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti habar berdi. Degişli hasabat döwründe, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 485,8 million dollara deň boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,5 göterim artdy.

Özbegistanyň Döwlet statistika edarasynyň maglumatyna görä, Özbegistan ýanwar-iýul aýlarynda 352,8 million dollar möçberinde türkmen harytlaryny satyn aldy. Şol döwürde Özbegistanyň Türkmenistana eksporty 133 million dollara deň boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň öňdebayrjy 10 hyzmatdaşynyň biri boldy.

Related posts

Mary welaýatynda mineral dökünleri öndürýän toplum gurlar

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

Gyrgyz işewür topary Aşgabada geler