JEMGYÝET

Türkmenistan ulag ulgamynda halkara resminamalara gol çekdi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde birnäçe möhüm halkara resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

“Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen gol çekmek dabarasynda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň hem-de Gruziýa Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we sebitleýin ösüş ministri Andreý Spynanyň arasynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky” ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwiatişwiliniň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda hem halkara awtomobil daşamalary ösdürmek boýunça resminama gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär