SPORT

Dzýudo boýunça Aziýa çempionaty Gazagystanda geçiriler

Şu ýylyň 4-7-nji awgusty aralygynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça hem erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirilýär. Bu barada ýurduň paýtagtynyň şäher häkimligi habar berýär.

4 günüň dowamynda yklymyň iň güýçli türgenleri baýrakly orunlar üçin bäsleşerler. Aziýanyň 30 ýurdundan 400-e golaý türgen Aziýa çempionatyna gatnaşar. Türgenler ýekelikde we garyşyk-toparlaýyn ýagdaýda bäsleşerler.

Gazagystanyň sportuň dzýudo görnüşi boýunça dünýä we yklym derejesindäki ýaryşlary guramakda uly tejribä eýedir. Mundan ozal, Halkara dzýudo federasiýasy tarapyndan sportuň bu görnüşi boýunça birnäçe ýaryşlary geçirmek hukugy Gazagystana berildi. 2015-nji ýylda Nur-Sultan şäherinde ulularyň arasynda dünýä çempionaty, 2019-njy ýylda ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. 2017-nji ýyldan bäri, her 2 ýylda bir gezek Aziýanyň dzýudo geňeşiniň senenamasyna görä, ýaşlarň arasynda Azýanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirilýär.

Halkara dzýudo federasiýasynyň düzgünleri boýunça, Aziýanyň çempionatynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere olimpiýa reýtingi üçin utuklar berilýär. Ýeňiji 700 utuk, 2-nji orny eýelän 490 utuk, 3-nji orny eýelän bolsa 350 utuk gazanýar.

Dzýudo boýunça Aziýa çempionaty Gazagystanyň “Qazsport” teleýaýlymynda alnyp berler. Bu sport ýaryşynyň resmi baş hyzmatdaşy “Sport Qory” syýahatçylyk we sport goldaw gaznasydyr.

 

“Itçilik we kinologiýa iÅŸi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy