«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Aşgabat şäherinde işlemek üçin menejer (maliýe hyzmatlary boýunça).
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi:uniwersitet ýa-da institut tarapyndan tassyklanan buhgalter hasabaty boýunça bakalawr, buhgalter hasabaty boýunça hünärli korporatiw hasapçylar birleşmesinde (ACCA), Angliýanyň we Uelsiň korporatiw hasapçylar institutynda (ICAEW), Malaýziýanyň hünärli hasapçylar birleşmesinde (MICPA) hünär derejelerini alanlar bolmaly.
- Iş tejribesi:nebitgaz we nebithimiýa pudagynda degişlilikde 6 ýyldan 13 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary:iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary:«MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.
Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.