DÜNÝÄ

Premýer-ministr kim bolar: Sunakmy ýa-da Trass

Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri saýlamak ugrunda ses berişlik dowam edýär. Ilki başda, hökümet baştutany wezipesine hödürlenen dalaşgärlerden 2-si galýança ses berilik geçirildi. Şonuň netijesinde, ozalky maliýe ministri Rişi Sunak we daşary işler ministri Lizz Trass öňe saýlandy.

Soňky ses berişlikde Rişi Sunak 137 ses, Liz Trass bolsa 113 ses aldy. Mundan soňra ýaryş şu iki dalaşgäriň arasynda dowam eder.

Bu iki dalaşgärden birini saýlamak üçin partiýanyň agzalarynyň ses bermegine garaşylýar. Ýurt boýunça 160 müňden gowrak agzasy bolan Konserwatiw partiýasynyň agzalary iki dalaşgärden birini saýlarlar. Täze saýlanan dalaşgär hem partiýanyň ýolbaşçysy hem-de ýurduň täze Premýer-ministri bolar.

Bu ses berişlikden soňra täze saýlanan ýolbaşçy 5-nji sentýabrda mälim ediler.

 

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy başlady

Ýene-de okaň

ABŞ-da 2-nji uçar heläkçiligi

Gyrgyzystan ilkinji ekologiýa taýdan amatly şäher gurlar

Türki döwletleriň guramasynyň 12-nji resmi sammiti Azerbaýjanda geçiriler

ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

Türkmenistan bilen Monako medeniýet, sport we haýyr-sahawat pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Merkezi Aziýada saparda bolar