MEDENIÝET

Buharada türkmen-özbek dostluk konserti geçirildi

13-nji iýulda gadymy Buhara şäherindäki Nedir Dewonbegi medresesiniň  dabaraly çäreler geçirilýän meýdançasynda türkmen-özbek dostluk konserti geçirildi.

Buhara agşamy dostluk owazlaryna, dürli yşyklara beslendi. Konserte iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, syýahatçylar, Buharada ýaşaýan türkmen diasporasynyň maşgalalary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Konsertiň meýilnamasy türkmen we özbek halklarynyň nusgawy hem-de häzirki zaman aýdymlaryndan, milli  tanslardan ybarat boldy.

Dabara “Baky dursun türkmen-özbek dostlugy” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra meşhur türkmen we özbek aýdymçylarynyň, Türkmenistanyň “Serpaý”, “Näzli” tans, “Güneş” sazandarlar toparlarynyň, Özbegistanyň birleşen sazandarlar toparynyň hem-de “Buhoro mawjilori”, “Sabo” tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Dostluk konsertiniň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdymy tomaşaçylar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Dabara iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde gadymy türkmen küşdepdisi we “Dostluk aýdymy” atly aýdym bilen tamamlandy.

 

 

Türkmenistan-Özbegistan: häzire çenli 246 ylalaşyk gazanyldy

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar