DÜNÝÄ

Türkmenistan we ÝHHG hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny belleýär

Aşgabatda “Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy.

Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Guramanyň üç ölçegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we garaýyşlaryny beýan etdi. Çykyşda, ÝHHG-nyň düzüminde howpsuzlyk derejesini saklamagyň möhüm ugurlaryny, özara ynamy ýokarlandyrmak we halklaryň arasyndaky dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklaryny we gepleşikleri ösdürmek nygtaldy.

ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid maslahata gatnaşyjylara eden wideo ýüzlenmesinde: “Bu, ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky  hyzmatdaşlygyň  anyk sepgitlerini bellemäge we geljegine  seretmäge amatly pursat” – diýip belledi.

Şeýle hem, ol sebitde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Hazar deňziniň üsti bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek arkaly Türkmenistanyň ÝHHG-nyň sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna we goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor: “ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky üç onýyllykda uzak ýol geçdi, ýöne Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň ähli sebiti üçin peýdaly gepleşiklerimizi dowam etdirmek we berkitmek üçin uly mümkinçilikler bardyr”, diýip aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.

Maslahatyň plenar mejlislerinde howpsuzlyk, ekstremizme we transmilli howplara garşy göreş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gender deňligi, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary meşhur Luwr muzeýinde görkeziler

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri