JEMGYÝET

Aşgabat-Hanoý: işewürler maslahaty ýola goýlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar.

Şu gün, Wýetnamyň DIM-niň binasynda türkmen wekiliýetiniň Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nguýen Min Wu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň ýanyndaky dürli düzüm birliklerine dalaşgärligini özara goldamagyň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem döwletara saparlaryň amala aşyrylmagynyň, hususan-da ýokary derejeli wekiliýetleri alyşmagyň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýeti barada aýdyldy aýdyldy.

Taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly mümkinçilikler tanyşmak we öwrenmek hem-de iki ýurduň arasyndaky Işewürler maslahatynyň hereketini ýola goýmak maksady bilen söwda-ykdysady wekiliýetleri bilen alyşmak boýunça teklipler beýan edildi.

Şeýle hem taraplaryň medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydyklary nygtaldy.

 

Gün ur­ma­syn­dan go­ra­nyň!

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri