SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gün ur­ma­syn­dan go­ra­nyň!

To­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le hem ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li­dir.

Gar­ta­şan we do­wam­ly ke­sel­le­ri bo­lan adam­lar luk­ma­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de bol­ma­ly. Ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra ho­wa­nyň aşa gy­zan ma­ha­lyn­da da­şa­ry çyk­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Möw­sü­me gö­rä açyk reňk­li, nah ma­ta­dan ti­ki­len eşik­le­ri ge­ýin­mek, Gü­nüň şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin kel­lä baş­gap geý­mek, ýag­lyk da­ňyn­mak, sa­ýa­wan gö­ter­mek, aras­sa agyz su­wu­ny ýa­ny­ňyz bi­len al­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Şeý­le-de gü­nüň do­wa­myn­da ge­rek­li muk­dar­da — 2-2,5 lit­re çen­li aras­sa agyz su­wu­ny iç­me­li.

Tom­suň ys­sy gün­le­rin­de daga, açyk meý­dan­la­ra ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­maz­lyk, açyk meý­dan­da iş­le­ýän adam­la­ra möw­sü­me gö­rä ge­ýin­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

To­mus aý­la­ryn­da iý­mit önüm­le­ri­ne has üns­li bol­ma­ly. Gök-bak­ja önüm­le­ri­ni, mi­we­le­ri, süýt we süýt önüm­le­ri­ni köp­räk ulan­ma­ly. Ýag­ly we ajy ta­gam­lar­dan daşda bol­ma­ly. Ka­ka­dy­lan et we ba­lyk önüm­le­ri­ni, şöh­lady iý­mi­ti­ňiz­den aýyr­ma­ly. Na­har­lar, esasan, gaý­na­dy­lan we bug­la­nan gör­nü­şin­de taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we
der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/gazagystan-azerbayjan-turkiye-transhazar-halkara-ulag-yoly-osduriler/

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy