Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň we ministrligiň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.Duşuşygyň başynda, ministr Muhammetgeldi Serdarow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonzo bilen mähirli salamlaşyp, Ýewropa Bileleşiginiň we onuň ýurtlarynyň Türkmenistan üçin strategiki hyzmatdaş bolup durýandygyny we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga uly baha berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem, taraplaryň ykdysady we işewürlik gatnaşyklarynyň ösýändigi barada belledi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Alonzo Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem, şu günki güne çenli hyzmatdaşlygyň esasan-da sebitleýin derejede alnyp barylandygyny belläp, 2 ýyl ozal Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň açylandygyny hem nazara alyp, häzirki wagtda Türkmenistan bilen diňe bir sebitleýin derejede däl-de ikitaraplaýyn derejedäki taslamalaryň üstünde işleşmäge mümkinçilikleriň we serişdeleriň bardygy barada aýdyp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu üç ugur boýunça taslamalaryň üstünde işleşmegi teklip etdi.
1) Ýaşyl energiýa we durnukly ösüş;
2) Oba ýerlerini ösdürmek; (suw, oba hojalyk, durnukly ösüş maksatlary)
3) Kiçi we orta telekeçiligi goldamak.
Şeýle hem, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda bu ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza hökmünde goşulyşmagy boýunça hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy barada belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolup goşulyşmagy üçin Özbegistan Respublikasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen bir meňzeş usulda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi. Bu hyzmatdaşlyk üçin Ýewropa Bileleşigi, Halkara Söwda Merkezi (ICT) bilen bilelikde hyzmatdaşlyk edýär.
Soňra, Ilçi Alonzo hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän anyk ugurlary barada sorady. Duşuşygyň dowamynda, Ministr Muhammetgeldi Serdarow biziň ýurdumyzyň maýa goýum, söwda we ykdysady ugurlarda ähli hyzmatdaşlyga taýýardygy barada belledi we ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa söz berdi.Galina Romanowa öz gezeginde, taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada belledi. Ýurdumyzda Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyp geçdi. Oba hojalyk insfrastrukturasy, energiýa we suw hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň bardygy barada aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolup goşulyşmagy boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň özgerdilmegi bilen bagly taslamalar boýunça işleşmek we ýurdumyzyň hünärmenleri üçin bu ugurda okuw maslahatlarynyň guralmagynyň oňyn boljakdygy barada belledi. Şeýle hem, has anyk teklipleriň resmi ýollar arkaly beriljekdigi barada belledi.
Duşuşygyň ahyrynda, Ministr Muhammetgeldi Serdarow Ilçi Alonzony şu ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ýokary derejeli halkara ulag maslahatyna» çagyrdy.
Ilçi Alonzo sözüniň ahyrynda, şu duşuşygy geçirmek üçin wagt tapandygy üçin Ministr Muhammetgeldi Serdarowa minnetdaryk bildirdi we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini nygtady.Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ýagdaýda geçdi.