BIZNES

Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim

8-nji dekabrda geçrilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6 göterim artdy.

Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim köpeldi.

2023-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim we çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi.

Related posts

Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämi ýygnalýar

Ikinji Hazar ykdysady forumy Russiýada geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ukraina işewürler geňeşini döreder