DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystan bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdy

Wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başlangyçlary öňe sürýändigi bellenildi.

Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin ugurlaryň bilelikde işlenilip düzülmeginiň hem-de bu ýurt bilen ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

 

Türkmenistan-Çeh Respublikasy: ulag ulgamynda duşuşyk

Related posts

Modiniň ejesi 99 ýaşynda aradan çykdy

Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

Tokio-2020 Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýyla geçirildi

Ata Watan Eserleri