TEHNOLOGIÝA

Maglumat geçirijiliginde rekord goýuldy

Ýaponiýaly hünärmenler 1,02 petabit maglumat geçirip, internet tizliginde täze rekord goýdular. Ulanylan tehnologiýanyň häzirki optiki süýümli internet geçirijilerine ornaşdyrylyp bilinjekdigi mälim edildi.

Geçen ýyl ýapon hünärmenleri 319 terabit/sekunt tizlik rekordyny goýupdylar. Şeýlelikde täze rekord ozalkydan ep-esli ýokary bolup, uzak wagtlap täzelenmegi kyn bolar.

Ýurduň milli maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary institutynyň hünärmenleri bu synagy 51,7 kilometrlik aralykda geçirip gördüler.

Hasaba alnan tizlik 127,500 GB maglumatyň geçirilmegini ýa-da sekuntda 10 million 8K wideonyň geçirilmegine barabardygy aýdylýar.

 

 

Gurban Berdiýew “Kaýrat” topary bilen ÅŸertnamasyny ýatyrdy

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar