SPORT

Perisiç “Tottenhem” toparyna geçdi

Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatynyň güýçli wekillerinden “Tottenhem” topary horwatiýaly Iwan Perisiç bilen şertnama baglaşdy. Şertnamanyň möhleti 2024-nji ýylda tamamlanýar.

Italiýanyň “Inter” toparynda oýnan Iwan Perisiçiň bu topar bilen şertnamasynyň möhleti tamamlandy. 33 ýaşyndaky futbolçy “Inter” toparynda 49 duşuşykda 10 gezek tapawutlandy. Ol Horwatiýanyň milli ýygyndysy bilen 1133 duşuşykda oýnady.

Perisiç “Inter” toparynyň 2020/2021-nji möwsümde “Seria A” çempionatynda çempion bolmagyna goşant goşupdy. Şol döwürde ol “Tottenhem” toparynyň häzirki tälimçisi Antonio Konte bilen bile işleşipdi.

“Tottenhem” topary geljek ýyl Çempionlar ligasynda çykyş eder. Angliýanyň metbugatynyň habaryna görä, Perisiç täze toparynda her hepde 180 müň sterling gazanar.

 

 

Daşary ýurtda bilim almak üçin nirä ýüz tutmaly?

Related posts

Karlo Ançelotti şertnamasyny uzaltdy

S.Berdimuhamedow Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri