DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşar

Şu ýylyň 30-31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşar.

Şeýle formatdaky duşuşyk soňky gezek şu ýylyň 22-23-nji fewralynda Daşkent şäherinde geçirildi.

Şeýle hem Owganystanyň howpsuzlygy boýunça dialogyň mejlisi geçiriler. Oňa Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

 

Galla oragyna badalga berler

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada halkara maslahata gatnaşdy

Daniýanyň täze Patyşasy tagta geçdi

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystany syýahat çäklendirmesini ýatyrýar