DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy

Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy diýen derejä eýe boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň degişli ýazgylaryna görä, Huan winsente Mora 1909-njy ýylyň 27-nji maýynda köp maşgalaly, ýagny 10 çagaly maşgalada dünýä inipdir.

Mora köp ýyllaryň dowamynda fermer bolup işläpdir we özüniň soňky ýer bölegini 104 ýaşynda satypdyr. 1937-nji ýylda maşgala gurupdyr, aýaly 1997-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň 11 çagasy, 41 agtygy, 18 çowlugy we 12 ýuwlugy bar. Uzak ýaşan bu adam 113 ýaşyna gadam basmagyna birnäçe gün galanda özüniň täze derejesine eýe boldy.

Mora her gün irden maşgalasy bilen ertirlik edinip, kofe içýän eken. Onuň durmuşdan öwrenen esasy zady: “Taňra söýgi, maşgala söýgi we iş üçin ir turmaly”.

Huan Winsente Mora ispaniýaly Saturnino de la Fuent Garsiýa 18-nji ýanwarda 112 ýaşynda aradan çykandan soňra dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy hökmünde ykrar edildi.

 

 

42 ýyldan soňra Ýewropa kubogy

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi