DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Häzirki wagtda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň berkidilmegine, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga hem-de halkyň abadançylyk derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, halklarymyzyň dost-doganlygynyň pugtalandyrylmagyna Gazagystanyň Lideriniň uly üns we goldaw berýändigini aýratyn belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

 

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara hyzmatdaşlyk ösdüriler

Related posts

Türkmenistan Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitine gatnaşar

Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentine tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Russiýa halkara maglumat howpsuzlygy hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy