SPORT

Iň köp gazanýan türgenler

2022-nji ýylda iň köp gazanan sport türgenleriniň sanawy düzüldi. Bu sanawda öňdeligi Lebron Jeýms eýeledi.

“Sportico” kompaniýanyň taýýarlan sanawyna görä, “Los-Anjeles Leýkers” basketbol toparynyň hüjümçisi Lebron Jeýmsiň girdejisi 126,9 million dollara deňdir. Bu girdejiniň 36,9 million dollary zähmet haky, 90 million dollary bolsa mahabatdan gelýän girdejilerdir.

Iň köp gazanýan sport türgenleriniň ilkinji ýüzlüginde 36 basketbolçy, 25 hokkeýçi, 13 futbolçy we 12 beýsbolçy bar.

Ilkinji onluga girýän türgenler:

1. Lebron Jeýms – 126,9 mln dollar (aýlygy – 36,9 mln dollar, mahabat – 90 mln dolar);

2. Lionel Messi  –  122 mln (72+50);

3. Kristiano Ronaldo  – 115 mln (60+55);

4. Neýmar – 103 mln (65+38);

5. Saul Kanelo Alwares – 89 mln (84+5);

6. Stefen Karri («Golden Steýt») – 86,2 mln (41,2+45);

7. Kewin Dýurent («Bruklin») – 85,9 mln (37,9+48);

8. Rojer Federer – 85,7 mln (724 müň + 85 mln);

9. Jeýms Harden («Filadelfiýa») – 76 mln (40+36);

10. Taýger Wuds – 73,5 mln (8,5+65).

 

 

12-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ýewropada derbi hepdesi: şu gün “El-Klasiko” gijesi

Mançini Saud Arabystanynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Lionel Messi duşuşyga kamera bilen çykar

NBA-da ataly ogullaryň ilkinji duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Halkara Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişer

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna taýýarlanýar