SPORT

Erling Holand “Mancester Siti” toparyna geçýär

Köpden bäri haýsy topara transfer bolmagy babatda dürli habarlar çykan Erling Holand “Mançester Siti” toparyna geçýär. Bu barada metbugat neşirlerinde beýan edilýär.

“Mançester Siti” topary bu futbolçyny satyn almak üçin Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyna 75 million ýewro tölär. Norwegiýaly futbolçy 2020-nji ýylyň ýanwarynda “Salsburg” toparyndan “Borussiýa Dortmund” toparyna geçipdi.

Erling germen toparynyň düzüminde 88 duşuşykda oýnap, 85 gol geçirdi. Norwegiýaly futbolçy täze toparynda bonuslardan başga hepdelik 350 müň funt gazanar. Onuň şertnamasynyň möhleti 5 ýyl.

Futbolçy lukmançylyk barlagyndan geçdi. Ol täze toparyň iň köp hak tölenýän futbolçysy bolar.

 

 

10-njy maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy