DÜNÝÄ

25-nji maýdan ýurdumyzyň içinde howa gatnawlary açylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, 25-nji maýdan başlap, ýurdumyzyň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Türkmenistan: halkara uçar gatnawlary bölekleýin açylar

Related posts

Ermenistanyň hususy pudagyna Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistan bilen Monako medeniýet, sport we haýyr-sahawat pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer