BIZNES

Gök reňkdäki göwher satyldy

Gonkongyň “Sotheby’s” söwda-satuwynda açyk gök reňkdäki göwher daşy 450,9 million gonkong dollaryna (57.5 mln dollar) satyldy. Bu barada “Bloomberg” habar agentligi habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, gymmat bahaly daş 15,1 karat (3.02 gram) bolup, “Gök De Birs” (The De Beers Blue) diýlip atlandyrylýar. Ol öz reňkindäki söwda-satuwyna çykarylan iň uly daş hasaplanýar.

Göwher daşy 39.3 karat (7.86 gram) ululygynda 2021-nji ýylyň aprelinde Günorta Afrika Respublikasynyň demirgazyk-gündogaryndaky “Kullinan” dag magdanyndan gazylyp alyndy. Iýul aýynda “Petra Diamonds” dag-magdan kompaniýasy tarapyndan bu daş 40 million dollara “De Beers” we “Diacore” bilelikdäki kompaniýa satylýar.

“Kullinan” dag-magdan käninde 1905-nji ýylda 3106 karat (621.35 gram) ululykda dünýäniň iň uly göwher daşy gazylyp alyndy.

 

Welaýatlaryň arasyndaky gatnaw barada…

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF) we sergisi

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirilýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy