SIZDEN GELENLER

“Türkmenistanda ulanylýan täze traktorlaryň tekerleriniň topragy dykyzlandyryşynyň gowaça hasylyna ýetirýän täsiri”

Türkmenistanyň oba hojalygynda agyr traktorlaryň sany köpeldi, bar bolan uly kuwwatly ýek-tük traktorlardyr. Häzirki döwürde agyr massaly ýokary kuwwatly tekerli traktorlar “John Deer”, “Case”, “Class” agyr massaly ýokary kuwwatly traktorlar köpelmegi, maşynlaryň sanynyň meýdan ýerlerde uly massanyň köpelmegi bilen topragyň aşa dykyzlanmagyna getirýär.  Traktorlaryň massasy, 100 ga sürlen ýerden gatnaw sanynyň 2 esse diýen ýaly köpelmegi bilen islemeýän yzygider hadysalaryň döremegine topragyň gurluşyna (strukturasyna) we ösümligiň iýmitlenmegine baglanyşykly ep-esli üýtgeşmelere getirdi.

Şunuň ýaly görnüşde, ulanylýan maşynlaryň sany meýdan ýerlerde, her ýylda köpelýär,  nähili köpelýär maşynyň öz massasy hem artýar. Şonuň netijesinde toprak, esasy bellenmeli  üpjün eder ýaly optimal şertlerde hasyly ýetişdirmekde, zynç edilen massa meýdançada (meýdan) oba hojalyk tehnikalarynyň manipulýasiýasyna öwrülýär.

Gözegçilikde täsin gapma-garşylyk ara zerurlyk oba hojalyk zähmetiň öndürijiliginiň artmagy ekerançylygyň mehanizasiýasynyň derejesiniň artmagynyň hasabyna we biologiki gurşawyň (sredanyň) topragy goramagyň talaplaryny berjaý etmekdir.

Topragyň dykyzlanmagy diňe bir sürülen gözýetimde bolup geçmän, eýsem sürüm astynda 1 metre golaý we ondan hem çuňluga ýetýär. Ekişe taýynlamada  keşlenip ekilýän ekinler MTA meýdan boýunça 10…20 gezek, ýagny praktiki taýdan hemme meýdan maşynyň tekerleriniň tekizlemesi bilen 1,5…2,5 yzlary, galdyrýan diňe 10…15% meýdança meýdana täsiri ýetmän galýar.

Topragyň dykyzlanmagy diňe bir sürülen gözýetimde bolup geçmän, eýsem sürüm astynda 1 metre golaý we ondan hem çuňluga ýetýär. Ekişe taýynlamada  keşlenip ekilýän ekinler MTA meýdan boýunça 10…20 gezek, ýagny praktiki taýdan hemme meýdan maşynyň tekerleriniň tekizlemesi bilen 1,5…2,5 yzlary, galdyrýan diňe 10…15% meýdança meýdana täsiri ýetmän galýar.

Dykyzlyk  topragyň ösümlikleriň ösüşi üçin optimal esasy häsiýetnamasy ol ýa-da beýleki ekinler üçin örän dar çäklerde durýar. Dykyzlyk optimumdan 0,1…0,2 g/sm3 üýtgände hasyllylyk ep-esli derejede peselýär.  Köp ekinler üçin optimal dykyzlyk 1,0…1,3 g/sm3 çäkde bolýar. Topraklaryň köpüsi üçin deňagramly dykyzlyk optimal dykyzlykdan ýokary, hat-da onuň pes bolan topraklary hem bar.

Ykjam tehnikanyň topraga edýän täsiri sürüm we sürüm astyndaky ýerlerde onuň dykyzlygynyň 1,5…1,8 g/sm3 çenli ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa topragyň gurluşyny, onuň häsiýetnamalaryny üýtgedýär,  kök ulgamlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýaramazlaşdyrýar, ýagny netijede hasyllylygy peseldýär.

Udel basyş güýji we ykjam maşynlaryň agramyny   peseltmek meselesi maşynlaryň konstruksiýasynyň gowulandyrylmagy bilen, şeýle hem topragy işläp bejerme tehnologiýasynyň üýtgedilmegi – çuň ýumşatmaklyk, geçelgeleriň (geçişleriň)  sanyny azaltmak we beýlekiler bilen çözülip biler.

Tema boýunça meýdan şertlerinde tejribe synaglaryny geçirmek üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  okuw-tejribe hojalygynyň 13 ga meýdan ýerinde gowaça sorty Ýolöten-7 orta süýümli gowaça ekilen meýdandan,  ekişden başlap hatarara bejergi geçirilende hem her bir tehnologiki operasiýalarda keşleriň hatararasynda traktoryň tekerleriniň geçýän we geçmeýän hatararalarynda topragyň dykyzlanyşyny ölçäp, tä gowaçanyň hasyly ýygnanýança ölçeg işleri geçirildi. Teker geçen we teker geçmedik keşlerden topragyň gatylygy we topragyň nusgasy alyndy. Alynan toprak nusgalarynyň göwrum agram hasaby kesgitlenildi. Olaryň netijeleri aşakdaky tablisalarda we diagrammalarda getirilýär.

1-nji tablisa

 

Çuňluklar, sm

 

20

 

30

 

40

 

50

 

Göwrüm agramy,

V gr/sm3

I nokat
1,21 1,58 1,62 1,59
II nokat
1,38 1,19 1,58 1,61

I-nokat

                                                                                                     

II-nokat

                                                                                                  2-nji tablisa

Çuňluklar, sm 20 30 40 50
Göwrüm agramy,

V gr/sm3

I nokat (teker geçen keş)
1,14 1,24 1,33 1,63
II nokat (teker geçmedik keş)
1,28 1,35 1,32 1,29

 

 I-nokat

(teker geçen keş)

                               II-nokat (teker geçmedik keş)

                                                                                           3-nji tablisa             

     Çuňluklar, sm  

10,0

  Topragyň gatylygy,

   P, kg/sm2

I nokat ekişden öň
 

7,56

     Çuňluklar, sm  

9,2

  Topragyň gatylygy,

     P, kg/sm2

II nokat ekişden öň
8,35

 

 I nokat  ekişden öň

II nokat  ekişden öň

 

4-nji tablisa

     Çuňluklar, sm  

9,2

  Topragyň gatylygy,

   P, kg/sm2

I nokat ekişden soň (teker geçen keş)
 

9,55

     Çuňluklar, sm  

13,2

Topragyň gatylygy,

     P, kg/sm2

I nokat ekişden soň (teker geçen keş)
 

6,76

                      

Netije:

Oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek amalynda maşyn-traktor agregatlar, awtomobiller meýdanda birnäçe gezek  geçip, topragyň sürüm gatlagyny dykyzlandyrýarlar we gurluşyny üýtgedýärler.

Topragyň dykyzlanmagy diňe sürümli ýerlerde bolman, eýsem sürüm astyndaky, 1 m çuňluga ýetip bilýär.

Keşlenip ekilýän ekinler ösdürilip ýetişdirilende MTA meýdanda 10…20 gezek geçýärler, netijede tigirleriň yzlarynyň meýdanynyň jemi ekin meýdanyň meýdanynyň 150…250% düzýär, ýagny bütin ekin meýdany maşynyň tigiriniň yzy bilen 1,5…2,5 gezek dykyzlanýar. Diňe ekin meýdanyň 10…15% meýdany, ýeri ekişe taýynlamagyň tehnologiýasynyň berjaý edilme şertlerinde maşynyň täsirine sezewar bolmaýar.

Arzuwgeldi Kulyýew, S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk  uniwersitetiniň

Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri.

Ýoldaş Jumageldiýew, S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk  uniwersitetiniň talyby.

 

ÝaÅŸlar – Watanymyzyň geljegi

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat