Hormatly okyjylarymyz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Size degişli ýyldyzlaryňyzyň häzirki wagtda ykbalyňyza ýetirýän täsirini bilmek isleseňiz, 26-njy aprel gününiň nobatdaky täleýnamasyny hödürleýäris.
Siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Bu gün, täze, uly başlängyçlary başlamak üçin amatly. Energiýaňyzy aşa sarp etmäň, indiki hepde üçin güýjüňizi tygşytlaň. Mümkin bolsa açyk howada has köp wagt geçiriň. Şahsy durmuşda ýakymly, garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Arkaýynlyk, adalat we seresaplylyk bu günüň şygarydyr. Hemme zadyň sizi biynjalyk edýän taraplary bar. Hatda häzirki wagtda ýakynlaryňyz bilen bolan ownuk çaknyşyklar hem gaty uly dawa ýa-da doly bölünişige sebäp bolup biler. Düşünjeli bolmak sizi çynlakaý maliýe kynçylyklaryndan halas edip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Size ýamanlyk isleýän erbet niýetli adamlaryň töhmet etmek howpy bar. Ynamly bolmadyk adamlary özüňize ýakynlaşdyrmaň. Uzak möhletli dostluk hem adama ynanmak üçin esas bolup bilmez. Saglygyňyza gowy üns beriň. Dowamly keseliň öňüni almak üçin çäreleri görüň. Suw proseduralary, irden we agşam gezelençleri peýdalydyr.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Öý hojalygynyň ownuk kynçylyklary we esasy kynçylyklardan has köneljek maliýe kararlary bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Bolýan zatlara dogry baha bermek kyn bolar, sebäbi häzirki wagtda munuň üçin ne wagt, ne-de güýjüňiz. Günüň ikinji ýarymynda çagalara has köp üns beriň – olar bilen aragatnaşyk diňe bir sizi begendirmän, eýsem kalbyňyza şatlyk we rahatlyk getirer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu güni ýaşuly garyndaşlaryňyza bagyşlaň – olar size hakykatdanam mätäç. Ýaşuly adamlar bilen gatnaşykda özüňizi biraz gaharjaň duýup bilersiňiz. Emma muňa ýol bermäň. Siziň häsiýetiňiz töweregiňizdäkiler üçin kyn bolar. Öz häsiýetiňiz özüňize zyýan bolup biler. Durmuşy aňsatlaşdyryň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün sizi umumy parahatçylyk we ýaltalyk gurşap alar. Şatlyklar we şowsuzlyklar gezekleşer; şonuň üçin dynç almaň we şowsuzlygyňyza gynanyp oturmaň. Keýpiň üýtgemegi ýa-da netije çykaryp bilmezlik, gündelik işleriňize päsgel berip biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bagtly we asuda gün. Ahlak we maddy taýdan bu gün size kanagat getirer. Size hemme zat bar ýaly görüner. Ýöne günüň ikinji ýarymynda garaňky sözlere we aladalara esaslanyp, keýpiňiz peselýär. Özüňize ynamyňyz bolsun. Hemme zat siziň eliňizde.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Öňki günüň kynçylyklaryny üstünlikli çözseňiz, bu gün ähli tarapdan amatly gün bolar. Janyňyz rahat bolar. Dynç alyş ýa-da gezelenç barada maşgalaňyz bilen gürleşiň. Romantiki duşuşyklary wada berýän syýahat amatly.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Köne dostlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz bilen duşuşmak ähtimallygy bar. Islegleriňiz we borç duýgusy arasynda ylalaşyk mümkindir. Şahsy durmuşyňyz durnuksyz bolup biler. Size birde ösüşler bolar ýa-da depressiýa. Duşmanyň keşbini hatda maşgala agzalarynyň arasynda-da görüp bilersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün özüňizi deňagramly we asuda duýarsyňyz. Uzak meýilnamalary kabul etmeli däl, ulumsylyk görkezmeli däl, mätäçlere kömek etmekden ýüz öwürmeli däl. Erkekler zenanlara – ejesine, aýalyna, gyzyna, uýasyna has köp üns bermeli.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Durmuşyňyza uly üýtgeşiklik bermejek passiw gün. Borçlaryňyzy ýuwaşlyk bilen ýerine ýetiriň, jaýy abadanlaşdyryň, ownuk söwda bilen meşgullanyň. Islegleriňizi saklaň, ýakynlaryňyzyň pikirlerine köre kör ynanmaň.