Russiýa towuk ýumurtgalaryny iň köp sarp edýän ýurtlaryň arasynda ilkinji onluga girdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Russiýanyň “Rosselhozbank” edarasynyň maglumatyna görä, Russiýada her ýylda adam başyna 17 kilogram towuk ýumurtgasy iýilýär. Bu maglumata görä birinji ýerde Gonkong – 27 kg, ondan soň Hytaý – 21 kg, Ýaponiýa, Meksika we Niderlandlar – 20 kg, Malaýziýa we Lýuksemburg – 18 kg.
Hünärmenleriň hasaplamagyna görä, ruslar ýylda 308 ýumurtga iýýärler. Şeýle hem 2021-nji ýylda ýurtda 44,9 milliard ýumurtga öndürilendigi bellenilýär.