Şu gün — 20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşmagynda geçirilen mejlisde assosiasiýanyň işini döwrebap derejede guramak üçin esasy ýörelge boljak möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Şol wezipeler,
- hususan-da, ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmekden;
- dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmakdan we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmekden;
- ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlarydyr duşuşyklary, medeni çäreleridir bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramakdan hem-de olara gatnaşmakdan;
- ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmekden; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramakdan hem-de olara gatnaşmakdan;
- dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmekden;
- dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramakdan;
- ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamakdan hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmekden; assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmekden ybaratdyr.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz mejlisde eden çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň häzirki wagtda ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasynyň bardygyny, şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň hem-de olaryň muşdaklarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn nygtady.
DAŞARY ÝURTLY AGZALARYŇ ÇYKYŞLARY
Mejlisiň barşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, kanadaly hususy atşynas, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” Tito Nils Pontekorwo, Germaniýanyň “Jeýkob Ferdezuht GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Ýakob sanly ulgam arkaly çykyş edip, hormatly Prezidentimizi saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlap, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işine berýan goldawlary üçin hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem olar ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda irginsiz tagalla etjekdiklerini belläp geçdiler.
“TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN ATŞYNASY” HORMATLY ATLARY BERILDI
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň çäginde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýerli we daşary ýurtly agzalaryň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hormatly atlary dakyldy.
Bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan daşary ýurtly, Ýaponiýanyň “Akhal-teke Affinity” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Aoe Miçiko we Özbegistanyň “Uzbegim” ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Ismoilow hormatly Prezidentimize döwlet sylagy üçin hoşallygyny bildirdi.
ASSOSIASIÝA TÄZE AGZALAR KABUL EDILDI
Assosiasiýanyň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ady rowaýa öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýäde giňden wagyz edilmegine mynasyp goşant goşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze agzalar kabul edildi.
Agzalyga kabul edilen daşary ýurtlulardan – Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe komitetiniň Milli atly sport görnüşleri merkeziniň direktory Amanžol Hasenow we Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Ahalteke atçylyk akademiýasynyň ýolbaşçysy, “Datsin Hiýou” atçylyk kompaniýasynyň esaslandyryjysy Liu Şutsin sanly ulgam arkaly çykyş edip, assosiasiýanyň agzalygana kabul edilmeginiň özleri üçin uly hormat bolup durýandygyny belläp, öz ýurtlarynda ahalteke atlarynyň giňden wagyz edilmegine goşant goşmaga taýýardyklaryny bellediler.
Assosiasiýanyň mejlisiniň geçirilýän “Oguzkent” myhmanhanasynyň esasy girelgesinde ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisi guraldy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi