Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty hem-de «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 19-njy aprelinde Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly ylmy duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň barşynda arheologik tapyndylaryň sergisini guramak, taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara we milli ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen arheologik gazuw-barlag işleriniň netijelerine seretmek, “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek, daşary ýurtlaryň ylmy institutlarynyň wekilleriniň, alymlaryň we arheologlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar.
Soňra wise-premýer şu ýylyň 16-njy aprelinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň maksatnamasy alymlaryň ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýetine hem-de arheologik tapyndylaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlaryny özünde jemleýär.