SIZDEN GELENLER

Welosipediň saglyga peýdasy

Her bir yn­san ýa­şy­na ga­ra­maz­dan, he­mişe he­re­ket­de bol­­ma­ly­dyr. He­re­ket­li­li­giň adam be­de­ni­niň tap­lan­ma­gyn­da, ber­ke­me­gin­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Onuň ha­ta­ry­na be­den maşk­la­ry, py­ýa­da ýö­re­mek, suw­da ýüz­mek, yl­ga­mak, we­lo­si­ped sür­mek, gim­nas­ti­ka, ae­ro­bi­ka bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly gör­nüş­ler gir­ýär. Gün­de­lik he­re­ket­de bol­mak sag­dyn­ly­gy, işe ukyp­ly­ly­gy, ada­myň ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýçlendir­ýär. Fi­zi­ki maşk­lar be­de­ne di­ňe bir syr­dam­ly­lyk ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, iş­den, okuw sa­pak­la­ryn­dan soň­ky ýa­daw­ly­gy aý­ryp, sag­ly­gy ber­kid­ýär, dem alyş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Şeý­le-de be­de­niň çe­ýe­li­gi­ni, el-aýak myş­sa­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni, gan aý­la­ny­şy­gy­ny saz­la­ýar.

Işjeň hereketde bolmagyň ýene-de möhüm ugurlarynyň biri hem welosiped sürmekdir. Bütindünýä saglyk güni — sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ähli adamlaryň baýramy bolup, her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýär. Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna örän uly üns berilýär. Bu günki günde: «Sportuň haýsy görnüşini iň ekologik diýip atlandyryp bolýar?» diýlen sowala, «elbetde, welosporty!» diýip jogap bermek bolar.

Mälim bolşy ýaly, welosiped — dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.

Welosiped ýöne bir hereket etmegiň serişdesi däl, ol syratly beden gurluşyny emele getirmäge, saglygy berkitmäge, şähdiňi açmaga ýardam edýän we adama oňaýly täsir edýän örän oňat, köptaraplaýyn ulagdyr. Welosiped adamyň saglygyna toplumlaýyn täsirini ýetirýär: özüňi duýşuňy, daş keşbiňi, psihologik ýagdaýyňy rahatlandyrýar, saglygyňy berkidýär, ukyňy kadalaşdyrýar. Yzygiderli welosiped sürmek ukusyzlyga eltýän kortizoly — stresiň gormonyny bedenden çykarmaga ýardam edýär. Şeýlelik bilen, welosipedde gezelenç etmek ukyňy gowulandyrmak üçin peýdalydyr.

Welosiped sürmegiň netijesinde gan aýlanyş gowulanýar, bogunlar zerur bolan türgenleşigi alýar, aýaklaryň, ýanbaşyň, garyn boşlugynyň, göwräniň, eldir egin myşsalary gowy işleýär. Şonuň ýaly-da, welosiped sürmek gowy dynç alyşdyr, ýakymly maşgala söhbetdeşliklerini türgenleşik arkaly utgaşdyrmagyň ajaýyp usulydyr. Çagalar bilen welosipedde gezelenç etmek tertip-düzgüni ýola goýmaga we çaga sagdyn durmuş ýörelgesiniň wajyplygyny düşündirmäge kömek edýär, bu bolsa ösüp barýan nesil üçin örän möhümdir.

Welosiped sürmek sportuň her bir adam üçin elýeterli we ekologik taýdan zyýansyz görnüşleriniň biridir. Welosiped sürlende, bedeniň myşsalarynyň köp bölegi herekete girýär, ýürek-damar ulgamyna düşýän agramy welosipedi dürli tizlikde sürmek arkaly sazlamak mümkin. Welosiped sporty, esasan-da, ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket ediş we nerw ulgamlary üçin örän peýdalydyr. 1 sagatlap welosiped sürmek üçin, ortaça, 400 — 500 kkal energiýa harç edilýär, bu bolsa bedende artykmaç ýaglaryň ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasy ilatyň arasynda köpçülikleýin welosiped sportuny ýaýbaňlandyrmakda möhüm ädimleriň biri boldy. Her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu özboluşly sport baýramçylygy uly dabara bilen bellenip geçilýär.

Soňky ýyllarda welosipedlere islegiň ýokarlanandygy hem bellenýär. Ýewropanyň käbir ýurtlarynda iki tigirli ulaglara bolan isleg 40 göterim ýokarlanypdyr. Satylýan welosipedleriň arasynda elektrik energiýasy bilen işleýänleriniň paýy hem barha artýar. Ýewropa welosiped senagaty konfederasiýasynyň (“Conebi”) maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň satuwy 34 göterim artyp, 4,5 milliona ýetipdir. Satylan welosipedleriň bäşden birini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getirýär.

 

Süleýman Hojalyýew, TOHU-nyñ talyby.

 

Durdy Saparow: hakyda ornan keÅŸpler

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat