DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna hat iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe hat iberdi. Bu hatda Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramasynyň düzümine kabul edilmegi mynasybetli gutlaglar öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň hatynda hususan-da şeýle diýilýär.

Siziň Alyhezretiňiz!

1992-nji ýylyň 2-nji marty Birleşen Milletler Guramasyna biziň ýurdumyzyň kabul edilmegini aňladýan, Türkmenistanyň häzirki taryhynda şanly sene bolup durýar.

Geçen 30 ýylda Türkmenistan BMG bilen netijeli we bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy, bu gurama, biziň pikirimizçe, ähli adamzadyň bähbidine hyzmat edýän üýtgewsiz ählumumy gurama bolup galýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biziň döwletimiziň özboluşly halkara hukuk ýagdaýyny dünýä tejribesinde ilkinji gezek tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi örän özboluşly waka bolup durýar. Munuň özi biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebitde durnuklylygy üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge hem-de ykdysadyýetde giňgerimli milli maksatnamalary ýerine ýetirmäge oňyn täsir etdi.

Biziň ysnyşykly hyzmatdaşlygymyz netijesinde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu merkeziň işi BMG-niň taýýarlan syýasy-hukuk usulyny nazara almak hem-de Bitarap Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, syýasy gepleşikleri höweslendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan dürli ýyllarda BMG-niň belent münberinden energetika howpsuzlygy, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa we durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de adamzadyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köp sanly beýleki başlangyçlar ýaly, ählumumy ösüşiň strategik ugurlarynda ençeme teklipleri öňe sürdi. Şu gün bolsa men biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary we kabul edendikleri üçin, ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin, şeýle hem netijeli işleri alyp barandyklary üçin BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine hoşallyk sözlerini ýollaýaryn.

Hormatly Baş sekretar!

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin dünýä giňişligindäki işimizde hemişe ileri tutulýan ugur bolar. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge berk eýerer. Parahatçylygy gorap saklamagyň, pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmegiň, ykdysady, ekologik, ynsanperwer we beýleki ugurlarda maksatnamalary durmuşa geçirmegiň bähbidine syýasy-diplomatik tagallalara işjeňgatnaşar.

Sözümiň ahyrynda Size berk jan saglyk we jogapkärli halkara işiňizde täze uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda boldy

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy