SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 36-njy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

Şu gün Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 18-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça gatnawy meýilleşdirýärdi. Russiýanyň ilçihanasynyň  gurnamagynda 36-njy ýörite uçar gatnawy ýerine ýetirildi. Bu gatnawdan 174 ýolagçy peýdalandy.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw 11-nji fewralda amala aşyrylypdy we ol 35-nji gatnaw bolupdy.

Şeýle hem Türkmenistana ýörite gatnawy amala aşyrýan awiakompaniýalaryň biri hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasydyr.
Bu awiakompaniýa şu ýylyň 13-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrdy.
 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy