SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: 116 ýurt sanjym maksadyna ýetip bilmeýär

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Dr. Tedros Adhanom Gebreýesus: “Käbir ýurtlarda sanjymyň ýokary bolmagy we”omikron” görnüşiniň ýeňil geçmeginiň koronawirus pandemiýasynyň gutarandygyny aňlatmaýar” -diýip belledi.

ABŞ-da geçirilen “Covid-19” global hereket ýygnagyna onlaýn tertipde gatnaşan Gebreýesus, pandemiýanyň soňky ýagdaýy barada gürrüň berdi. Gebreýesus BSGG-niň şu ýylyň ortalaryna her bir ýurduň ilatynyň 70 göterimine sanjym etmek maksadyna uly ähmiýetine berýändigini belläp: “Şu ýyl pandemiýa gözegçilik edip bolar” diýip belledi.

Gebreýesus 116 ýurduň BSGG tarapyndan kesgitlenen “ilatyň 70 göterimine sanjym etmek” maksadyna ýetip bilmejekdigini öňe sürdi we sanjym işini çaltlaşdyrmak üçin syýasy ýolbaşçylar tarapyndan höweslendirmegiň zerurdygyny mälim etdi.

Pandemiýanyň sanjym bolmazdan gözegçilik astynda alyp bolmajakdygyny nygtan Gebreýesus ähli ýurtlary BSGG-nyň sanjym etmek baradaky global maksadyny goldamaga çagyrdy.

 

 

Diýarymyzyň iň gowy etrabyna baýragy gowşuryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri