DÜNÝÄ

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, bu çärä Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa Departamentiniň Direktorynyň orunbasary hanym Park Çansil, Merkezi Aziýa–Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekreteriatynyň direktorynyň orunbasary Çang-sun Jee, Merkezi Aziýa–Koreýa Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Tegelek stoluň başynda oňa gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideorolik görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň derejede alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň oňyn ösüşini bellediler. Hususan-da, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň oňyn bitaraplyk syýasaty esasynda ýola goýlan gatnaşyklary iki döwletiň halklarynyň bähbidi üçin geljekde ösdürmegiň giň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Nýu-Ýork uniwersitetinde Teýlor Swift öwreniler

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

Türkmenistan we OPEK Gaznasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi

Ata Watan Eserleri