BIZNES

“Jeýtun” we “Mäne” dokma brendleri dörediler

Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary yzygiderli işe girizilýär. Şeýle hem dokma harytlarynyň brendlerini döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgamynda hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli, dürli görnüşli matalar dokalyp, olaryň kuwwatlylygy degişlilikde, 1 million 200 müň sany hem-de 3 million 500 sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu ekologiýa taýdan arassa önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilip alynýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda “Goza”, “Wada”, “Bedew”, “Nusaý”, “Gala”, “Bürgüt”, “Arwana”, “Ýeňiş”, “Akpamyk” haryt nyşanly giňden tanalýan önümler öndürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň täze önümleriniň haryt nyşanlarynyň görnüşleri işlenip taýýarlandy. Olar “Jeýtun” we “Mäne” nyşanlary bolup durýar.

 

“Çalsana, bagşy!” bäsleşigi yglan edildi

Ýene-de okaň

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek dowam etdiriler

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge girişilýär

“Ak şäherim Aşgabat” halkara maýa goýum we tehnologiýa gepleşiklerini giňelder