TEHNOLOGIÝA

“Teknofest-2022” atly tehnologiýa bäsleşigine kabul edişlik başlady

Müňlerçe ýaşlaryň garaşýan we uly gyzyklanma bildirýän “TEKNOFEST” atly tehnologiýalar bäsleşigine kabul edişlik başlady. Dünýädäki iň uly awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwallaryndan biri bolan “TEKNOFEST”, şu ýylyñ 30-njy awgustyndan-4-nji sentýabry aralygynda Türkiýäniñ demirgazygynda ýerleşýän Gara deñiz sebitiniñ Samsun Çarşamba howa menzilinde geçiriler.

Bu halkara festiwal Türkiýäniñ Tehnologiýalar boýunça gaznasy bolan Team, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi we ýurduñ beýleki degişli ministrlikleri tarapyndan, şeýle hem awiasiýa we kosmos tehnologiýalary pudagynda öňdebaryjy guramalaryň goldaw bermegi bilen guralýar.

Öñdebaryjy tehnologiki kärhanalaryñ gazanan üstünliklerini äşgär etmek, tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek we oña goltgy bermek, şeýle-de geljegiñ tehnologiýasyny emele getirýän ýaşlary goldamak çäräniñ esasy maksady bolup durýar.

Bir milliona golaý adamyñ gelmegine garaşylýan festiwalda, awiasiýa we maşyngurluşygy, emeli intellekt, uçarmansyz howa ulaglary we suwasty enjamlary ýaly ugurlary özünde jemleýän 39 ugur boýunça bäsleşikler geçiriler.

Isleg bildirýänleriñ ählisi üçin öz gapysyny açýan “TEKNOFEST-2022” atly halkara festiwalyñ çäklerinde guralýan çärelere, seminarlara we awia tomaşalaryna tölegsiz gatnaşyp bolýar.

Gatnaşyk baradaky anketa üçin: https://teknofest.org/tr/competitions/

Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2022-nji ýylyň 28-nji fewraly.

Giñişleýin maglumat üçin: teknofest.org

 

Russiýa-Eýran: söwda dolanyşygy 10 milliarda ýetiriler

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar