DÜNÝÄ

Türkmenistan-Hindistan: energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk

«Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaýşankar bilen duşuşdy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklary bilen sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdiler.

Energetika pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlendi. Bu babatda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi barada bilelikdäki işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy babatda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri bilim we ylym, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, şeýle hem medeni we ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.

 

Türkmenistan «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berler

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar