Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bulaşyklykdan we nerw bozulmalaryndan gaça duruň we wagt ýitirmäň. Häzirki wagtda edýän ähli işleriňiz diýseň jogapkärçilikli we manyly bolmaly. Öň beren wadalaryňyzyň yzynda durmagy başaryň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Işsiz bolmaň we ýaltalyk etmäň – passiw bolup, hiç zat etmän diňe dynç alyp gezmek saglyk problemalaryna getirip biler. Arkaýyn, asuda boluň we bolup geçýän zatlaryň hemmesine filosofiki tarapdan, ironiýa bilen çemeleşiň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Pikiriňizi goramak, beýlekilere öz haklydygyňyzy subut etmek üçin gowy gün däl. Çeýeligi we sypaýylygy görkezip, beýlekiler bilen parahatçylykda we sazlaşykda ýaşamaga synanyşyň. Möhüm karar bermek üçin bu gün köp pikirlenmeli bolmagyňyz mümkin.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Aýyň iň üstünlikli güni. Täze pikirleri durmuşa geçirmek üçin ajaýyp pursat gelip ýetdi. Ynamly boluň. Seýlelikde şowlulyk siziň tarapyňyzda bolar. Işjeň bolmakdan gorkmaň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün şatlyk, rahatlyk duýgusy bilen tapawutlanar. Ajaýyp ýeňillik we erkinlik duýup bilersiňiz. Meýilleşdirilen ýygnaklaryň hemmesi soňra ähli isleriňizde üstünlik getirer. Maliýe ýagdaýyňyz-da gowulaşar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Häzirki wagtda beýlekiler bilen umumy dil tapmak kyn bolar, şonuň üçin kän bir aragatnaşyk saklamajak boluň. Köne gereksiz zatlardan we aragatnaşyklardan dynmak peýdalydyr. Ähli zatlary tertibe salmak üçin wagt gelip ýetdi.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda täjirçilik amallaryny geçirmezlik has gowudyr – bu ýitgilere sebäp bolup biler. Ulumsylyk we özüňize göwnüýetijilik görkezmäň, ýogsam başgalaryň hormatyny we ynamyny ýitirmek howpy abanýar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Edesiňiz gelmeýän zady etmäge özüňizi mejbur etmäň. Bu gün döredijilik, dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen duşuşmak, işjeň gyzykly dynç alyş üçin amatlydyr. Söwda we islendik maliýe amallary üçin ajaýyp pursat.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Mümkin boldugyça, özüňizi rahat we asuda saklaň. Sarp edilen güýji dikeltmeli bolarsyňyz. Howlukmaň, ähli zady gowy ýerine ýetirjek boluň. Gün täze tanyşlyklary açmak üçin amatly.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Emosional we akyl deňagramlylygyny saklaň, gapma-garşylyklara girmäň, sabyrlylygy we bagyşlamagy öwreniň. Aragatnaşyklaryňyzda ünsli boluň. Kimdir birine uly ynam bildirmek sizi iň soňunda erbet gynandyryp biler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Şu gün ýüze çykyp biljek meseleleriň ählisini ertire süýşürmän, derrew çözmäge synanyşyň. Günüň dowamynda işjeň boluň. Täze taslamalary kabul ediň, teklip beriň. Hut şu gün siziň ähli oý-pikirleriňiz jemgyýetçilik tarapyndan kabul ediler.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi