DÜNÝÄ

Tramp taekwondoda gara guşagyň eýesi boldy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp sportuň söweş sungaty ugurlaryna uly gyzyklanma bildirýär. Şonuň üçin oňa taekwondo sporty boýunça gara guşagyň 9-njy dany berildi.

ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampa taekwondo sportunyň iň ýokary derejesi bolan gara guşagyň 9-njy dany we onuň şahadatnamasy gowşuryldy. Bu sylaglar oňa Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherindäki Bütindünýä taekwondo akademiýasynyň ýolbaşçysy Li Dong Seop tarapyndan berildi.

Taekwondo sporty boýunça ýokary sylagyny Florida ştatyndaky rezidensiýasynda kabul eden Donald Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda täzeden saýlanan halatynda Kongresiň binasyna taekwondo sport egin-eşikleri bilen gitjekdigini mälim etdi.

Täze gara guşagy bilen surata düşen Tramp bu hormatly şahadatnama we sylaga mynasyp bolmak özi üçin uly abraýdygyny belledi. Şeýle hem ol taekwondo sportunyň özüňi goramak üçin ajaýyp söweş sungatydygyny belledi.

Gadymy taekwondo sporty bütin dünýä meşhur görnüş bolup, häzirki wagtda onuň janköýerleriniň sany 50 milliondan geçýär. Başa-baş söweş sportunyň şu görnüşinde gadymy söweş ýörelgeleri döwrebap sportuň tilsimleri bilen sazlaşyp, özüňi goramagyň we bedeni fiziki taýdan terbiýelemegiň ajaýyp nusgasy emele getirdi.

«Taekwondo» — üç sözden: «the» — «aýak urgusy», «kwon» — «ýumruk», «do» — «sungat, kämilleşmegiň ýoly» düzülip, el-aýagy kämilleşdirmegiň ýoly diýen manyny berýär. Sportuň bu görnüşinde bedeniň aýak bölegi urgulary ýerine ýetirmekde we garşydaşyňdan goranmakda(blok) işjeň ulanylýar.

 

“Delta” warianty öz-özüni ýok edip baÅŸlady

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär