SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň uly ýeralmasy

Täze Zelandiýanyň Hamilton şäherinde bir jübüt öz howlusyndaky haşal otlaryny arassalap ýören wagtlary dünýäniň iň uly ýeralmasyny tapdylar. Agramy 8 kilograma barabar bolan ýeralma “Dug” ady dakyldy. Şeýle hem Ginnesiň rekordlar kitabyna ýeralma üçin ýüztutma berildi.

Täze Zelandiýaly jübütler öz howlusynda tapan 8 kilo agramly ýeralma bilen dünýä rekordyny täzelemäge başladylar.

Ýeralmanyň agramynyň 7,8 kilogramdygy we häzirki wagtda Ginnesiň rekordlar kitabynda “dünýäde iň ulusy” bolan ýeralmadan takmynan 3 kilogram agyrdygy mälim edildi.

Şeýle-de bolsa, ägirt uly ýeralma bilen çalt nahar fransuz gowurmalarynyň 52 sanysyny we 40 töweregi uly ýeralma gowurmalarynyň öndürilip bilinjekdigi habar berildi.

Täze Zelandiýaly är-aýal Kolin we Donna Kreýg-Braun Hamiltondaky fermasynda “Dug” atly ýeralmasyny tötänleýin tapdylar.

Donna: “Biz muňa ynanyp bilmedik. Bu ýeralmanyň ullakan, ýöne ýakymsyz, mutant görnüşi bardy” diýip gürrüň berdi. Soň bolsa, Kreýg-Brauns “Dug” atly ýeralmany ammarlaryna çekip, onyň agramyny çekendiklerini aýtdy. Är-aýal, “Dug” ýeralmasynyň tanalmagy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutandyklaryny we olaryň jogaplaryna garaşýandyklaryny habar berdiler.

Beýleki tarapdan, ýeralma 30-njy awgustda tapylanyndan bäri sosial mediýada meşhur boldy. Kolin “Dug” ýeralmasyny  götermek üçin kiçijik awtoulag gurandygyny we ýeralma papak dakandyklaryny aýtdy.  Jübüt ýeralmanyň suratlaryny sosial mediýada ýerleşdirdi.

Kolin: “Biz gezelenje gitdik. Hemmesi gaty gyzyklandy. Biz adamlardan gaty gowy jogap alýarys. Şeýle-de bolsa, Dug wagtyň geçmegi bilen gurap başlady we horlanyp başlady. Dug birneme pese gaçyp başlady. Şonuň üçin ony arassaladyk we doňduryja saldyk” diýip gürrüň berdi.

Jübütler ýeralma barada: “ Ýeralma özbaşdak ulaldy we azyndan iki ýyl geçirdi diýip pikir edýäris. Bu, tebigatyň ýakymly täsinliklerinden biridir” diýdi. Dugyň geljegi häzirki wagtda näbellidir.

 

Çäklendirmeleriň kölegesindäki Diwali

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!