DÜNÝÄ

Ukuçyllar üçin awtobus

Hytaýyň Gonkong şäherinde biraz uklamak isleýänler üçin bäş sagatlyk awtobus ugry ýola goýuldy. Maglumatlara görä,ýoluň uzynlygy 76 kilometre barabardyr. Biletleriň bahalary iki gatly awtobusdaky oturgyçlaryň ýerleşişine baglylykda  13 dollardan 51 dollar aralygynda belgilenýär.

Awtobusda ýolagçylara uky nikaby we gulaga dykyp goýulýan enjam berler. Habarlara görä, ilkinji synag gatnawy üçin ähli biletler satyn alynypdyr.

Şenbe güni bolup geçen syýahatda ýolagçylar sebitiň ajaýyp görnüşlerini surata düşürmek üçin awtobus dürli ýerlerde saklanýar. Muňa şäheriň Lantau adasyndaky duralga ýerleri, şeýle hem Gonkong howa menziliniň golaýynda uçar hyzmat ediş desgasyny mysal etmek bolar.

«Gonkongyň ýaşaýjylarynyň uklamaga wagty ýetenok. Şonuň üçin, olar bu ýolda başga mümkinçilikleri tapmaly bolýarlar. Mysal üçin, jemgyýetçilik transportynda işlemek üçin gidýän ýolagçylar käwagt bu saýlawy ýatmak mümkinçiligi bilen baglanyşdyrýarlar. Olara awtobusda dynç almak has aňsat» diýip, Gonkong uniwersitetiniň uky klinikasynyň we laboratoriýasynyň baş hünärmeni doktor Şirli Li öz pikirini aýtdy.

 

Oktýabr aýynyň iň meşhur daşary ýurt filmleri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistan bilen Russiýa parlament gatnaşyklaryny ösdürýär

Saud Arabystanynyň wekiliýeti Awaza geldi

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler