Pasyllaryň her birinde aýratyn söýgi bilen iýilýän bananyň peýdalary sanamak bilen gutaryp bolmaz. Hem energiýa berýän, hem adamy dok saklaýan bananyň adam saglygyna peýdasy uludyr. Banan witaminlere we minerallara baýdyr.
- Banan iýmit siňdirişe peýdalydyr. Iýmit siňdirmede ýüze çykan bozulmalaryň öňüni alýar.
- Banan böbrekler üçin hem peýdalydyr.
- Onuň ýürege hem peýdasy uludyr.
- Banan strese, ýadawlyga hem täsir edip biler.
- B6 witamine baýdyr.
- Banan saçlary güýçlendirer, düşmeginiň öňüni alar.
- Adamy dok tutar.
- A, C, E witaminlere baýlygy sebäpli, gözüň görejine peýdalydyr.
- Bananyň düzüminde kalsiý barlygy sebäpli, süňkleri güýçlendirmäge kömek eder.