TEHNOLOGIÝA

Ýöriteleşdirilen elektrikli tigir

Öndürýän elektrikli tigir modelleri bilen meşhurlyk gazanan “Super73” kompaniýasy sebite mahsus täze modelini hödürledi.

Elektrikli tigir bazaryndaky görnükli kompaniýalaryň biri bolan “Super73” täze modellerini hödürlemegini dowam etdirýär. Sebit üçin ýörite taýýarlanan “RSDx Super73-RX Malibu” modeli tigire däl-de, motosikle meňzeýär. Hereketlendirijisi 2000W bolan tigir iň ýokary tizligi 45 kilometre ýetip biler. Ýer şertlerine mahsus “Fox” uly disk tormozlaryny ulanýan tigir, galyň tekerleri bilen ünsi özüne çekýär. Batareýasy 960 Wh bolan tigiriň diapazony barada entek maglumat ýok. “Roland Sands Design” bilen bilelikde öndüriljek modeliň diňe 1000 sanysy bazara hödürlener. Elektrikli tigir 4500 dollara satylýar.

 

Dünýäde ilkinji dörän ruçkalar

Related posts

Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamy dörediler

Hytaý döwleti ýokary hilli akylly telefonyny satuwa çykardy.

Zähmet, hünär, kesp-kär hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Ata Watan Eserleri