MEDENIÝET

Aziýanyň suratkeşiniň suraty auksionda satyldy

“Sotheby” auksion öýüniň ýerli bölüminiň habaryna görä, Gonkongda geçirilen auksionda Aziýanyň iň abraýly hytaýly suratkeşi Çžan Dasýanyň (1899 – 1983) çeken suraty 27,5 million dollara satyldy. Guramaçylar alyjynyň adyny aýan etmedi.“ Daň atanda duman” atly surat,  hytaýly suratkeş tarapyndan 1968-nji ýylda gök-goňur reňklerde abstrakt sungat ruhunda ýerine ýetirilipdi.

Çžan Dasýan Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda dünýä indi we ol soňky ýyllarda Aziýanyň iň gymmat suratkeşi hasaplandy.

Suratkeş Taýwanda 84 ýaşyndaka aradan çykdy. Bäş ýyl ozal çeken suraty “Baharda şetdaly güli” atly eseri Gonkongda rekord derejede 35 million dollara satyldy.

Sanjymlar “Covid-19”-a garÅŸy 90 göterim täsirli

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar