Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Bellemeli zat, Siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp ol baradaky maglumatlary has giňişleýin okap bilersiňiz!
“Işiň gaçyp gitjek ýeri ýok” – hamallaryň bu günki şygary. Çünki bu gün olar “hiçzadetmezligiň” gününi bellemeklikleri gaty ahmaldyr. Hamallara eger islemeýän bolsalar özlerini zorlap gülmekleriniň zerurlygy ýok. Ýöne dogruçyl bolmalydyrlar. Hamallaryň meýilnamalaryny bulaşdyrjak ýagdaýlaryň-da bolmagy ahmal.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlaryň öz söýgüli adamlaryna taýýarlan sowgatlary olary şatlykdan ýaňa al-asmana göterer. Maşgalaly sowurlar, ýakynlaryňyzy öz ýylylygyňyz we ünslüligiňiz bilen begendiriň. Söýgüli adamlaryňyzyň begençden doly gözleri sizi täze gowulyklara ruhlandyrar. Bu gün sowurlar “Ýedi ölçäp bir kes” diýen nakyly ýatlaryndan çykarmaly däldirler. Bolmasa, olar käbir zatlary bulaşdyrmaklary mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalaryň gowy eden işleri üçin baýrak almaly wagty geldi. Bu gün jowzalar sähel zada gaharlanyp bilerler. Bu gün jowzalar nirädir bir ýerlerik gidesleri geler. Olary saklamak bolsa, aňsat başartmaz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün seretanlar kiçeňräk, garaşylmadyk sowgat almaklary mümkin. Ol bolsa, seretanlaryň ýüregine diýseň ýakymly täsir eder. Hemme zady “Näme bolsa şol bolsun” diýip taşlamaklyk pikiri bu gün seretanlary yzarlar. Ýöne ýadyňyzda saklaň, häzirki wagtda bu size gerek däldir. Bu gün seretanlar söýgüli adamlarynyň çynlakaý çemeleşmelerine äsgermezlik etmekleri ahmal. Şunluk bilen siz onuň göwnüne degip bilersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Öz ýaryňyza hojalyk işlerinde biraz kömekleşseňiz, ondan hoşal sözlerini alarsyňyz. Öz tekepbirligiňizi bu gün biraz bassaňyz dogry hereket etdigiňiz bolar. Bu gün peýdaly edebiýaty okamaklygy ýyldyzlar size maslahat berýär.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Tutuş günüňizi öz çagalaryňyza bagyşlaň. Bu gün kimdir biriniň edepsizligi sünbüleleri diýseň gynandyrmagy mümkin. Bu gün siz özüňizde täze kemçilik, özüňize bolan ynanmazçylyk döretjek zady eşitmegiňiz mümkin.
Bu gün mizanlarda dogry çözgüt kabul etmäge kömek etjek ajaýyp öňdengörüjilik bolar. Mizanlar, eger siziň kelläňize nämedir bir erbetlik etmek gelse, ýadyňyzda saklaň, ýer şary togalakdyr! Biri size bir gep aýtsa, oňa ynanmazdan öňürti üç gezek pikirleniň!
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün akraplara diýseň uly lezzet berjek haýsydyr bir kiçijek samsyklygy amala aşyrmak üçin laýyk gündür. Geçmişi ýatdan çykaryp, diňe öňe seretmeklik maslahat berilýär. Bu gün Akraplar bolup geçýän wakalardan çetde durmaly däldirler. Aktiw bolmalydyrlar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Meýilnamalaşdyrylmadyk, emma ýakymly myhmanlaryň gelmegi mümkin. Bu gün kowuslara maslahat berip ýörmeklik gerek däldir. Pikiriňizi öz içiňizde saklaň. Bu gün siz kimdir biriniň arzuwyny puja çykarmagyňyz mümkin.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu günki edilen ýagşy işler jedilere ruhy lezzet berer. Günüň ähli täzeliklerini jedilere asuda kabul etmeklik maslahat berilýär. Işiňizde hemmeler size ýolbaşçylyk etjek bolarlar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün daluwlar her kime akyl berip ýörmekleri ahmal. Emma olar tomaşaçynyň işini ýerine ýetirseler gowy bolar. Ykbaldan sowgada garaşmaň.
Eger hutlaryň iş bilen bagly mesleleri bar bolsa, bu gün ola diýseň şowna bolar. Bu gün hutlar biraz tekepbir bolsalar gowy bolar, çünki şeýtmeklik bilen olar tanyşlaryndan ýa-da kärdeşlerinden geljek ýaramaz zatlardan goranyp bilerler. Ene-atalaryňyza jaň ediň, eger mümkinçilik bar bolsa, olaryň ýanlaryna gezelenje gidiň.