JEMGYÝET

2-nji oktýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 2-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10… +12°, gündizine +19… +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9… +11°, gündizine +18… +20° maýyl bolar. Howanyňbasyşy 714 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9… +14°, gündizine +18… +23°, kenarýaka etraplarynda +15… +20° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +18… +20°, basyşy 765 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Awazada: howa +17… +19°, basyşy 763 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Balkanabat şäherinde: howa +21… +23°, basyşy 767 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7… +12°, gündizine +17… +22° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +20… +22°, basyşy 746 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Tejen şäherinde: howa +19… +21°, basyşy 750 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7… +12°, gündizine +18… +23° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +21… +23°, basyşy 750 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Baýramaly şäherinde: howa +20… +22°, basyşy 747 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6… +11°, gündizine +18… +23° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +19… +21°, basyşy 750 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Kerki şäherinde: howa +21… +23°, basyşy 743 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2… +7°, gündizine +12… +17° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +15… +17°, basyşy 765 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Köneürgenç şäherinde: howa +13… +15°, basyşy 763 mm, çyglylygy 45 — 65%.

 

Samsunda medeni çäre : Garaşsyzlyk baýramy

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy