JEMGYÝET

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Tailandyň ýygyndy topary bilen duşuşdy. “D” toparçasyndaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Tailandyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

turuwbaşdan gowy oýun görkezen Türkmenistanyň milli ýygyndysy duşuşygyň 1-nji minutynda Mihail Titow bilen öňe saýlandy. Garşy toparyň futbolçysy Supaçai Çaided 35-nji minutda hasaby 1:1 ýetirdi.

Bu goldan 2 minutdan soňra, ýagny 37-nji minutda Yhlas Saparmämmedow Türkmenistanyň ýygyndysy 2:1 hasabynda öňe geçirdi. Tailandyň ýygyndysyna garanyňda, ýeňiş üçin has köp yhlas eden Türkmenistanyň ýygyndysy 66-njy minutda Mekan Saparow bilen hasaby 3:1-e ýetirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy 3:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, geçiren 2 oýnunda hem ýeňiş gazanyp, 6 utuk jemledi.

Saýlama oýunlaryň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary myhmançylykda Hytaý Teýpeýiniň milli ýygyndysyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Röwşen Meredowyň tälim berýän Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama oýunlaryň çäklerinde 6 duşuşyk geçirer: 2025-nji ýylda 5 we 2026-njy ýylyň martynda 1 oýun oýnar.

Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady