Nettie Honeyball ady bilen tanalan Mary Hutson 1800-nji ýyllarda futbol bilen gyzyklanyp, ýaşan döwründe meşhurlyga eýe boldy.
Londanda ýaşaýan Honeyball 1894-nji ýylda gazetlerde zenanlaryň hem futbol oýnap, üstünlige eýe bolup biljekdigi barada habar berdi. Onuň zenanlara seslenmegi , gyzlaryň futbol toparyny döretmek baradaky islegi gysga wagtyň içinde jogap tapdy.
Honeyball ilki bilen futbol toparyny döretmek baradaky pikirini iňlis syýahat ýazyjysy Florence Dixiene kabul etdirýär. Honeyball we Dixie 1995-nji ýylda “British Ladies” atly futbol toparyny gurýar.
Şol döwürde topar üçin taýýarlanan eşikler şol topardaky gyzlar tarapyndan tikilýärdi.
Bu topar 1895-nji ýylda ilkinji oýnuny oýnaýar. Honeyballyň topary 7-1 hasap bilen garşydaş topary ýeňýär. Emma şol döwürdäki uruşlaryň netijesinde topardaky gyzlar öz maşgalalaryna kömek etmek maksady bilen futboly taşlaýarlar.
1895-nji ýyldan soňra Nettie Honeyballyň futbol oýnandygy barada maglumat tapylmaýar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet sylaglaryny aldy