DÜNÝÄ

Nobel baýragynyň eýeleri bu baýragy öz ýurtlarynda alarlar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylda Nobel baýragynyň eýeleri baýraklar we diplomlaryny öz ýaşaýan ýurtlarynda alarlar. Bu barada Nobel gaznasy habar berdi.

«Her kim pandemiýanyň tiz wagtda gutarmagyny isleýär, ýöne bu entek bolmaýar.

Nobel baýragy ― bu dünýä derejesindäki çäredir. Her ýyl dünýäniň dürli künjeklerindäki ýeňijileriň atlary yglan edilýär we pandemiýa we syýahatlar üçin mümkinçilikleri baradaky näbellilik 2021-nji ýylda baýraklar ýeňijileriň watanynda berilmegine sebäp boldy» diýip, gaznanyň ýerine ýetiriji direktory Widar Helgesen aýdýar.

Şeýlelikde, 6-12-nji dekabr günleri Stokgolmda we Osloda ýerli ilat üçin Nobel dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Nobel hepdeligini geçirmegiň görnüşi barada oktýabr aýynyň ortalarynda yglan ediler. Hepdäniň dowamynda baýrak gowşurylyş dabarasyndan başga-da, adaty Nobel banketi, ýeňijileriň çykyşlary, ýygnaklar we konsertler geçiriler.

Parahatçyklyk boýunça baýragyny bermek barada entek hiç hili karar kabul edilmedi we Norwegiýanyň Nobel komiteti ony Osloda tabşyrmak mümkinçiligini özünde saklap galar. Bu ýyl Nobel baýragynyň eýeleri aşakdaky tertipde yglan ediler:

4-nji oktýabr lukmançylyk,

5-nji oktýabr fizika,

6-njy oktýabr himiýa,

7-nji oktýabr edebiýatda,

8-nji oktýabr parahatçylyk boýunça.

11-nji oktýabrda bolsa, Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýrak esaslandyryjy Alfred Nobeliň hatyrasy üçin  ykdysadyýet boýunça baýrak öz eýelerine gowşurylar.

2020-nji ýylda hem pandemiýa sebäpli Nobel baýragyny almak dabarasy onlaýn ýagdaýda geçirilipdi.

 

Aziýanyň iň görmegeý erkekleriniň sanawynda öňdebaryjy kim?

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy